Hytaý pandemiýa garşy göreşmek üçin ösüp barýan ýurtlara $3 mlrd berer

  • 22.05.2021 21:07
  • 21k+

Hytaý hökümeti pandemiýa garşy göreşmek we ykdysady ösüşi dikeltmek üçin ýakyn üç ýylda ösüp barýan ýurtlara ýene 3 mlrd dollar kömek berer. Bu barada HHR-iň prezidenti Si Szinpin Saglygy goraýyş boýunça global sammitinde wideokonferensiýa arkaly mälim etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Ol Hytaýyň häzirki wagta çenli dürli ýurtlara COVID-19-a garşy 300 mln doza sanjym iberendigini we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bu derman serişdeleriniň ýene-de has köp mukdary bilen üpjün etmekçidigini belledi. Ýurduň hökümeti ösüp barýan ýurtlara sanjym öndürmek tehnologiýasyny bermekde hem ýardam edýär.

“Sanjymlary öndürmek üçin awtorlyk hukugynyň berilmegini goldaýandygyny mälim etmek bilen, Hytaý Bütindünýä söwda guramasy we beýleki halkara guramalar tarapyndan degişli kararlaryň tiz kabul edilmegini hem goldaýar” – diýip, döwlet ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň we Italiýanyň premýer-ministri Mario Draginiň hut özüniň gatnaşmagyndaky sammit Rimdäki Pamfili Willasynda geçýär. Onuň ahyrynda häzirki pandemiýa bilen göreşmegiň we geljekde keseliň ýaýramagynyň öňüni almagyň esasy ýörelgelerini öz içine alýan Rim jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

28.06.2025 13:15
7.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

27.06.2025 19:10
9.5k+

Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi

Beýik Britaniýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem 22 ýyl mundan ozal alan şikesiniň netijesinde bileginde operasiýa geçirmeli boldy. Bu barada britan metbugaty, şol sanda The Sun gazeti habar berýär...

27.06.2025 17:46
3.3k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr...

26.06.2025 14:27
5.4k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler...