BAÝDAGYMYZ BUÝSANJYMYZ

  • 18.05.2021 06:54
  • 14k+

Baýdak – milli gymmatlyk. Sarpasy ýürekde, özi serden belentde göterilýän mukaddeslik.
Baýdak – döwletliligiň nyşany.
Topragyňa söýgi – Watanyň gursakda göterilmegidir. Baýdak – Watanyň elde göterilmegidir.

Baýdak – pederleriň howalasy ýatmaýan ruhy, nesilleriň – geljegine bolan ynamydyr. Baýdagyň mukaddesligi, onuň her bir adam, halk, döwlet üçin näderejede gymmatlydygy hakda täsin ýazgylara gabat gelip bolýar.  Ata Watanyň topragy watanperwer ynsana nähili duýgy berip bilýän bolsa, şol keramat baýdakda hem bardyr. Milli baýdagyň bardygy – döwletiň bardygyny aňladýar. Döwlet bolsa biziň millet, halk hökmünde erkin we garaşsyz ýaşaýandygymyzyň güwäsi.  
Taryhymyzda baýdak hakda ençeme zatlar ýazylan. Harby we adaty ýagdaýlarda ol tug, baýdak, sanjak ýaly atlandyrylypdyr. Meşhur taryhçylarymyz, türkmen soltanlarynyň kätipleri bu gymmatlyk hakda şeýle dil ýarýar: «Her döwletiň ykrar edilen bir baýdagy bardyr. Baýdagyň dowamaty döwletiň dowamlylygy bilen deňdir.  Tagta täze geçen hökümdar özbaşdak baýdak edinmeýär. Ol ata-baba mukaddeslige wepaly bolmalydyr».
Baýdak götermek her kime ynanylmaýar. Baýdak götermek iň uly mertebeleriň, wezipeleriň biri. Ol diňe mert, gaýduwsyz, pähimli, ugurtapyjy, halalhon we wepaly adamlaryň eline berlipdir. Baýdak dik tutulypdyr, çünki ol esgerleri söweşe, ynsanlary beýik işlere ruhlandyrýan gudrat hasaplanylýar. Eliňde baýdak götermek ynsanlykda bir derejedir.
Her bir baýdak özünde haýsy hem bolsa bir çuňňur manyny aňladýan ýazgylary ýa-da şekilleri jemleýär. Biziň bäş gölli, bäş ýyldyzly we ýarymaýly ýaşyl baýdagymyzyň hem özüne ýetik hikmeti bar. Ýaşyl reňk ebediligiň, bakylygyň, joşgunlylygyň reňki hasaplanýar. Ol ýerde türkmeniň köki müňýyllyklara uzaýan arassa ynanç-ygtykady, asyrlara ulaşjak bagtly geljegine bolan ynamy, ömrüniň manysy ýatyr. Ýaşyl tugumyz – ylhamdarymyzdyr. Bizi üstünliklere, ösüşlere, milli buýsanja ruhlandyrýan nazargähimizdir. Döwlet baýdagymyz milletiň bitewiliginiň, garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr.
Goý, belentde pasyrdaýan baýdagy bolan Döwletimiziňem, Döwrümiziňem, geljege ynamly garaýan göwnümiziňem joşguny egsilmesin, pasyrdysy ýatmasyn!

şu gün 08:53
81

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
1k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 23:10
1.4k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......