Kobi Braýant Basketboluň şöhrat zalyna girizildi

  • 17.05.2021 15:59
  • 5.1k+

«Los-Anjeles Leýkersiň» öňki oýunçysy Kobi Braýant aradan çykandan soň, Jeýms Neýsmit adyndaky Basketboluň şöhrat zalyna girizildi. Resmi dabara Ankaswillda (Konnektikut ştaty, ABŞ) geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Braýantdan başga-da, Şöhrat zalyna Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) çempionlary Tim Dankan we Kewin Garnett, MBA-nyň zenan çempiony, olimpiýa çempiony Tamika Ketçings, tälimçiler Rudi Tomýanowiç, Kim Malki, Barbara Stiwens, Eddi Satton, menejer Patrik Bauman girizildi.
Şöhrat zalyna girizilenleriň atlary 2020-nji ýylyň aprel aýynda yglan edildi. Dabara awgust aýynda geçirilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli ol yza süýşürildi.
2020-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bortunda 41 ýaşly Braýant bolan hususy dikuçar Los-Anjelesiň golaýynda heläkçilige uçrady. Uçarman we sekiz ýolagçynyň ählisi ýogaldy, olaryň arasynda Braýantyň 13 ýaşly gyzy Jianna hem bardy.
Braýant karýerasyny 2016-njy ýylda tamamlady. Ol “Los-Anjeles Leýkersiň” düzüminde bäş gezek MBA-nyň çempiony boldy. Bu topar üçin ol 20 möwsüme gatnaşdy. 2008-nji ýylda yzygiderli çempionatyň iň gymmatly oýunçysy, 2009 we 2010-njy ýyllarda MBA-nyň finalynda iň gymmatly oýunçy boldy. ABŞ-nyň ýygyndy toparynyň düzüminde Braýant iki gezek Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy (2008, 2012). Ol MBA-nyň taryhynda iň netijeli oýunçylaryň sanawynda dördünji orny eýeleýär (33 643 utuk). Braýant MBA-nyň “ýyldyzlarynyň” oýnuna 18 gezek gatnaşdy.

şu gün 00:10
4.5k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.6k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

düýn 11:21
9.9k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......

düýn 09:31
17k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....