Aşgabat – Gündogaryň we Günbataryň binagärlik aýratynlyklaryny özünde utgaşdyrýan şäher

  • 16.05.2021 15:33
  • 15k+

Şäherleriň arasynda “Yşgyň şäheri”, “Söýginiň şäheri” hökmünde görülýän, Gündogaryň göwher gaşyna deňelýän Aşgabat şäherimiz soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerýär we gözelleşýär. Bu gün halkymyz öz paýtagtyny söýgi, buýsanç we guwanç bilen “Ak şäherimiz”, “Mermer şäherimiz”, “Göwher şäherimiz” diýip atlandyrýar. Kaşaň, täsin we ak mermerli ymaratlar gözel paýtagtymyzyň aýratynlygydyr. Her gezek dünýäniň owadan we göwne ylham berýän şäherleri hakda söz açylanda, ilki bilen ajaýyp paýtagtymyz hakydamyza dolýar. Gök begresli seýilgähler, ak mermerli binalar – gözümiziň öňünde boý alýan täsin dünýä. 

Gözel paýtagtymyz ençeme ajaýyplyklary we artykmaçlyklary özünde jemleýär.   Paýtagtymyzda bina edilýän ymaratlaryň, alnyp barylýan gurluşyklaryň her biri şeýle pikiri döredýär we  şol pikiri has-da berkidýär.  
Şähergurluşyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmegi öz miwesini berýär. Sanlyja ýylyň dowamynda tanalmaz derejede özgeren paýtagtymyzda diňe ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem dünýäni haýrana goýýan birnäçe ajaýyp binanyň gurulmagy şol işleriň ajaýyp miwesidir. Şeýle binalaryň birnäçesiniň täsinligi, gözelligi we kaşaňlygy babatda ,,Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilmegi  munuň halkara derejesinde ykrar edilmegini aňladýar. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýaly paýtagtymyzyň aýratyn gelim-gidimli ýerlerine öwrülen ýene birnäçe ýerler muňa mysal bolup biler. Uzakdan seleňläp görünýän bu binalar diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem olaryň binagärlik gurluşyna siňdirilen halkymyzyň milli nyşany bolan sekizburçluklary bilenem tanalýar. Bu diňe şol binalaryň daşky gözelliginiň gürrüňi, gurulýan her bir binada ösen dünýä ülňülerine laýyk getirilip gurlan, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen iş otaglary, wagtyň dynç almaly bölegini gyzgalaňly geçirmek, joşgunly zähmete özüňi taýýarlamak üçin ýörite bölünen otaglar we meýdançalar ykjamlygy, ýerbe-ýerligi bilen haýran galdyrýar. Döwrümizde gurulýan her bir binanyň binagärlik gözelliginden daşary öz gurluşynda, ýasawynda çuňňur pelsepewi manylary saklaýandygy has täsindir. 
 Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy hem şeýle täsinlikleri özünde jemleýär. Onuň gurluşygynda Garaşsyzlygymyzyň, Konstitusiýamyzyň, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň, milli gymmatlyklarymyz bolan haly göllerini, şanly senelerini aňladýan manylar bar.  Esasy Kanunymyzyň şanyna bina edilen bu bina milli buýsanjymyzyň çeşmesidir. Bu halkymyzyň döwletlilik mertebesindäki belentligini görkezýär. Her bir binanyň ak mermerler bilen örtülmegi bolsa paýtagtymyzyň aýratynlygyna öwrüldi.  Ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar,   ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary, ajaýyp we kaşaň myhmanhanalar, sport desgalary,  mekdepler, teatrlar, medeni-dynç alyş merkezleri, söwda merkezleri, sport we sagaldyş merkezleri, ylmy merkezler – bu sanawy ýene-de uzaldyp bolýar. Başy gök direýän belent binalar halkymyzyň belentliklere atygsaýan synmaz ruhuny beýan edýär. Bu ak mermerli ymaratlar ajaýyplygy, owadanlygy, täsinligi bilen diňe bir bu illere alysdan gelen syýahatçyny däl, ýerli ýaşaýjylary hem, ýurdumyzyň dürli çäklerinden gelýän ildeşlerimizi hem haýrana goýýar.  Aşgabat – Gündogaryň we Günbataryň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli kämilligini, gaýmagyny özünde jemleýär.   

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......