Türkmenistanda 1-nji synp okuwçylar üçin 161 müň 739 sany kompýuter öndürildi

  • 15.05.2021 08:41
  • 25k+

Bilim ministrligi «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 sany kompýuteri satyn almak, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada şertnama baglaşar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:02
3.8k+

Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi....

düýn 22:45
1.4k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda orta mekdepleriň uçurymlary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän......

26.04.2026 20:55
3.2k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.8k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....