Türkmenistan BAE-de galan raýatlaryny ýörite uçuş arkaly Watanymyza getirdi

  • 14.05.2021 18:40
  • 21k+

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli awiagatnaşygyň togtadylmagy netijesinde Birleşen Arap Emirliklerinde we serhetdeş döwletlerde galan türkmen raýatlaryny Watanymyza alyp geldi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan uçan Boeing-777-200LR howa gämisi şu gün irden Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy. 

T5818 belgili gatnaw arkaly Türkmenistana 200-den gowrak watandaşymyz dolandy. Dolanyp gelenleriň ählisi hökmany karantin geçerler.
Mundan öň, ýurdumyzyň Hökümeti Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Hindistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Ukrainadan, Özbegistandan we Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan watandaşlarymyzy dolap getirmek boýunça çäreleri gurady.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......