Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy

  • 13.05.2021 20:33
  • 47k+

Abraýly “Forbes” neşiri 2021-nji ýylda iň ýokary hak tölenýän 10 türgeniň sanawyny hödürledi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor bu sanawda ilkinji gezek lider boldy. Forbes-iň maglumatlary boýunça, iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony geçen 12 aýda jemi 180 million dollar gazandy (şolardan 22 milliony gönüden-göni sportda). Girdejiniň ep-esli bölegi hususy Proper No.Twelve wiski brendiniň gözegçilik paýnamalarynyň satuwyndan geldi. Makgregor munuň üçin 150 mln dollar aldy. Ýene 8 mln dollary ol mahabat şertnamalaryndan gazandy. Mundan öň Makgregor Forbes reýtingine diňe bir gezek girizilipdi. Ol ilkinji onluga 2018-nji ýylda girdi, şonda türgeniň girdejisi 99 mln dollar bilen bahalandyryldy.
Sanawyň ikinji ornunda 130 mln dollar gazanan (şolardan 97 million dollary aýlygy) “Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi. Üçlügi “Ýuwentusyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemleýär. Ronaldu 120 mln dollar gazandy, şolardan 70 million dollary aýlyk hakydyr.

Ýylyň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň 10-lugy şeýle görnüşde:

1. Konor Makgregor (MMA) - $180 mln;
2. Lionel Messi (“Barselona”, futbol) - $130 mln;
3. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”, futbol) - $120 mln;
4. Dak Preskott (“Dallas Kowboýs”, amerikan futboly) - $100 mln-dan gowrak;
5. Lebron Jeýms (“Los-Anjeles Leýkers”, basketbol) - $96,5 mln;
6. Neýmar (“PSŽ”, futbol) - $95 mln;
7. Rojer Federer (tennis) - $90 mln;
8. Lýuis Hemilton (“Mersedes”, Formula-1) - $82 mln;
9. Tom Bredi (“Tampa-Beý Bakkanirs”, amerikan futboly) - $76 mln;
10. Kewin Dýurant (“Bruklin Nets”, basketbol) - $75 mln.

şu gün 12:06
124

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

şu gün 00:00
2.1k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
6k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....