Rigada geçiriljek Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň medallary tanyşdyryldy

Rigada geçiriljek Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň medallary tanyşdyryldy

2021-nji ýylda Rigada geçiriljek Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti ýaryşyň ýeňijilerine we baýrak eýelerine gowşuryljak medallaryň dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Medallarda dünýä ýaryşynyň logotipi - stilleşdirilen hokkeý meýdançasynyň fonunda hokkeýçi şekillendirilipdir. Medallaryň gyralarynda bolsa çempionatyň ady we geçirilýän ýeri ýazylan. Olaryň hersiniň diametri 10 santimetr bolup, agramy 400 gramdan geçýär.
Bu dizaýn IIHF tarapyndan Latwiýanyň zikgehanasy bilen bilelikde iki hepdede işlenip taýýarlanyldy we Norwegiýanyň zikgehanasynda basyldy. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy hem ýasalypdy. Çempionatyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Edgars Bunsis medallaryň dizaýnynda güýçli we düşnükli hokkeý nyşanynyň ulanylandygyny aýdýar.

"Biz Latwiýanyň milli nyşanyny hem ýatdan çykarmadyk, ony lentalarda görkezeris. Medal gowşurmak we kubok almak dabarasy her sport ýaryşynyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biridir. Bu medallary haýsy toparlaryň öýlerine alyp gitjekdigini 64 oýundan soň bileris"-diýip, Bunsis belledi.