Baýram namazy şu ýyl metjitlerde okalmaz - Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti

  • 12.05.2021 13:24
  • 43k+

Bu ýyl Oraza baýramynyň aýyt namazy metjitlerde okalmaýar. Bu barada InAshgabat portaly Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 13.07.2020 senede metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmeklikleri, zyýarathanalarda sadaka bermeklikleri,  zyýarat  etmeklikleri  çäklendirildi  hem-de  şol  toparyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 01.04.2021 seneden başlap tertibe laýyklykda metjitler we namazhanalar diňe 5 wagt namaz berjaý etmeklikleri üçin ybadata açyldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, bu ýyl metjitlerde Baýram namazynyň okalmaýandygyny raýatlaryň dykgatyna ýetirýäris.
Baýram gününiň ruhunda raýatlaryň baýramçylygy öz maşgala agzalary bilen bilelikde bellemeklerini maslahat berýäris.
Bu wagtlaýyn çäklendirmeler agzybirligi pugtalandyrmak, milli ýörelgeleri we maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýetinden üzňe bolman, ýokanç keselleriň öňüni alyş çäresinden ybarat bolup, Yslam dininde adam saglygyna uly ähmiýet berilýändigi baradaky aladalara esaslanýar, diýip Müftüligiň beýanynda maglumat berilýär.

şu gün 12:00
702

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
3.9k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.3k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.2k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......