Alymlar has gaharjaň itleriň tohumlaryny kesgitlediler

  • 11.05.2021 15:17
  • 16k+

Finlýandiýaly alymlar iň gaharjaň itleri we olaryň bolşuna täsir edýän faktorlary kesgitlediler. Bu barada msn.com habar berdi.

"Naked Science" şunuň bilen baglanyşykly geçirilen ylmy iş hakynda gysgaça beýan etdi. Barlagyň dowamynda Helsinki uniwersitetiniň alymlary 9270 sany itiň maglumatlaryny öwrendiler. Olaryň 1791-si adamlara gaharly çemeleşdi. Barlagda üýrmek, hyrlamak we dişlemek agressiw häsiýetiň alamatlary hasaplandy.
Anyklanylmagyna görä, itleriň gaharjaňlygyna birnäçe faktorlar täsir edýän bolup çykdy. Mysal üçin, garrylyk, jyns (erkek), gorky, uly bolmadyk göwre, beýleki itler bilen aragatnaşygyň bolmazlygy, "ilkinji öý haýwany effekti" hem-de tohum. Alymlar köplenç garry we kiçeňräk itleriň gaharjaň bolýandygyny aýtdylar. Iň “erbet” tohumlar hökmünde bolsa şeltler, pudeller, toý-terýerler we swergşnausserler görkezildi.

şu gün 12:00
1.2k+

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...

şu gün 11:54
990

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi...

şu gün 11:36
1.2k+

Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi

Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy...

şu gün 09:26
4.1k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...