Gan topary bilen howply keselleriň arabaglanyşygy ýüze çykaryldy

  • 09.05.2021 19:30
  • 12k+

Şwesiýaly alymlar adamyň gan topary bilen howply keselleriň arasyndaky baglanyşygy anyklamak maksady bilen, ýörite barlag geçirdiler. Olar belli bir gan toparly adamlaryň käbir kesellerden has köp ejir çekýändiklerine göz ýetirdiler. Bu barada 360tv.ru habar berdi.

Şwesiýaly alymlar barlagyň netijelerini "eLife" ylmy žurnalynda çap etdiler. Hünärmenler bäş million hassanyň lukmançylyk ýazgylaryny gözden geçirdiler. Netijede, belli bir gan toparly adamlarda has ýygy duş gelýän 49 keseli hasaba aldylar.
Mysal üçin, olar tromboz köplenç ikinji gan toparly adamlarda ýüze çykýar diýen netijä geldiler. Birinji toparda ganyň gatama howpy ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde, birinji topara we oňyn Rh faktoryna eýe bolan aýallar göwrelilik döwründe köplenç gipertoniýadan ejir çekýärler.
Şeýle hem, hünärmenler üçünji gan toparyna eýe bolan adamlaryň böwrek daşlaryndan az ejir çekýändigini anykladylar. Şeýle hem barlagyň awtorlary alnan maglumatlary tassyklamak üçin goşmaça işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.

düýn 20:39
3.6k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

düýn 16:00
1.2k+

«Curiosity» marsahodynyň tejribesi Marsyň topragynda onlarça organiki molekulalary ýüze çykardy

NASA-nyň «Curiosity» marsahody täsin himiki tejribäni üstünlikli amala aşyrdy. Onuň dowamynda Marsyň toprak nusgalarynda onlarça görnüşli organiki molekulalar tapyldy....

28.04.2026 23:08
2.5k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 23:04
1.7k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....