Mask 2020-nji ýylda Tesla-nyň baş müdiri wezipesinde rekord derejede 11 mlrd dollar gazandy

  • 09.05.2021 19:22
  • 13k+

Tesla elektromobil öndürijisiniň esaslandyryjysy we baş müdiri Ilon Mask geçen ýyl, takmynan, 11 mlrd dollar girdeji gazandy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda Mask hak tölegini nagt däl-de, kompaniýanyň belli bir ösüş görkezijileri gazanylanda paýnama opsionlary bilen almaga razy boldy. Neşiriň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda kompaniýa baş müdirine häzirki bahasy 13,3 mlrd dollar bolan paýnamalary satyn almak hukugyny berdi, Mask olary satyn almak üçin 2,3 mlrd dollar sarp etdi. Şeýlelik bilen, Maskyň Tesla-nyň baş müdiri wezipesinde gazanan girdejisi geçen ýyl 11 mlrd dollar boldy, bu onuň ýakyn bäsdeşleriniň görkezijilerinden on esse ýokarydyr, ýagny Paycom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çed Riçison geçen ýyl 211 mln dollar gazandy, 1Life Healthcare kompaniýasynyň baş müdiri Amir Dan Rubin bolsa bary-ýogy 199 mln dollar gazandy.
Şol bir wagtyň özünde neşir Maskyň paýnamalardan gelen girdejini heniz hakyky pula öwrüp bilmeýändigini, sebäbi opsionyň şertlerine görä, Maskyň olara bäş ýyl eýeçilik etmelidigini belleýär. Kompaniýanyň baş müdiri bilen baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, ähli ylalaşylan maksatlara ýetilen halatynda Mask işi üçin häzirki wagtda bahasy 67,9 mlrd dollar bolan 101,2 mln paýnama satyn alyp biler.
Forbes-iň soňky maglumatlaryna görä, Mask häzirki wagtda dünýäde ikinji baý adamdyr. 164,4 mlrd dollar baýlygy bilen ol diňe Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosdan (189,7 mlrd dollar) yza galýar.

şu gün 01:39
450

Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi...

şu gün 01:30
732

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy

2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy...

düýn 23:45
644

Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar

Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr...

düýn 23:31
466

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...