Bill Geýts adamzat taryhyndaky iň uly 3 üstünlik hakynda aýtdy

  • 09.05.2021 19:03
  • 18k+

"Microsoft-y" esaslandyryjy we milliarder haýyr-sahawatçy Bill Geýts adamzadyň iň möhüm oýlap tapyşlary baradaky pikirini paýlaşdy. Geýts sanjymlaryň adamzadyň taryhynda iň uly ylmy üstünlikdigine ynanýar. Ol bu barada "Handelsblatt" gazetine beren interwýusynda aýtdy.

“2020-nji ýylda başdan geçirenlerimizi göz öňünde tutup, ilki bilen sanjymlary görkezmeli. Koronawirus sanjymlary 2021-nji ýylda pandemiýany ýeňip geçjekdigimize uly umyt döretdi"-diýip, milliarder haýyr-sahawatçy belledi. Onuň pikiriçe, sanjymlar köp kesellere garşy göreşmäge mümkinçilik berýär.

Ikinji möhüm üstünlik - mikroprosessoryň oýlap tapylmagy diýip, Geýts aýtdy.

"Elbetde, şahsy kompýuter diýen zady mümkin eden, kompýuter ylmynda öwrülişik eden we soňky 50 ýylda täsirli innowasiýa tolkunyny döreden mikroprosessoryň uly muşdagydygym sizi geň galdyrmaz" diýip, Geýts aýtdy.

Ýene bir möhüm açyş - dünýä oba hojalygynyň önümçiliginiň ösmegine goşant goşan, 1940-1970-nji ýyllaryň oba hojalygyndaky özgertmeler toplumy bolan Ýaşyl rewolýusiýa bolup durýar.

“Ondan öň tutuş dünýä ilaty üçin ýeterlik iýmit öndürip boljakdygyny göz öňüne getirmek mümkin däldi. Agronom we seleksioner Norman Borlaugyň işi, dürli çaklamalara görä, 1 milliarddan gowrak adamy açlykdan halas etdi"-diýip, Geýts nygtady.

şu gün 14:16
477

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar...

şu gün 13:12
2.3k+

ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar...

şu gün 12:26
640

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar...

şu gün 11:47
661

Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy

2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy...