Duzuň aşa köp kabul edilmegi her ýyl 3 mln adamyň ýogalmagyna sebäp bolýar

  • 08.05.2021 14:32
  • 13k+

Dünýäniň ýaşaýjylarynyň köpüsi BSGG tarapyndan maslahat berlen günde 5 gram duzdan iki esse köp kabul edip, ýürek-damar kesellerine we insult howpuna duçar bolýarlar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

BSGG-niň hasaplamalaryna görä, duzy köp kabul etmegiň netijesinde ýüze çykýan ýürek-damar kesellerinden we insultdan her ýyl, takmynan, 3 mln adam ýogalýar.

“Bize ýurtlaryň duzy kabul etmegi azaltmak boýunça syýasaty işläp düzmegi we adamlara azyk önümlerini dogry saýlamagy üçin zerur maglumatlary bermegi gerek” – diýip, BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.

Şunuň bilen baglylykda, BSGG 60-dan gowrak iýmit kategoriýasynda natriý düzüminiň global görkezijileri bilen bagly tekliplerini neşir etdi. Bulara, esasan, gaýtadan işlenen we gaplanan çörek, duzly iýmitler, et önümleri we peýnir degişlidir.
BSGG-niň ylalaşylan global görkezijileri ýurtlara önümlerdäki duzuň mukdaryny kem-kemden nähili azaldyp boljakdygyny görkezer. Bu BSGG-niň 2025-nji ýyla çenli dünýäde duzuň kabul edilişini 30% azaltmak boýunça maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berer.

“Iýmitde natriýniň aşa köp bolmagy gan basyşyny ýokarlandyrýar we netijede, ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny güýçlendirýär” – diýip, hünärmenler  belleýärler. Duzuň kabul edilmegini azaltmak bu howpy, şeýle-de hroniki böwrek, bagyr keselleriniň, semizligiň we aşgazan rak keseliniň döremek howpuny peseldýär.

düýn 23:49
211

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....