Apple 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde 5G-li smartfonlaryň satuwynda 1-nji ýeri eýeledi

  • 06.05.2021 20:17
  • 7.7k+

Strategy Analytics kompaniýasy 5G mobil aragatnaşygyny goldaýan smartfonlaryň dünýä bazary boýunça çärýekleýin statistiki maglumatlaryny çap etdi. Onda birinji ýeri Apple eýeledi diýip, 3dnews.ru habar berdi.

Hasaplamalara görä, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde, takmynan, 24.0 million 5G enjam satyldy. Şu ýyl bu görkeziji 133,9 million birlik boldy. Başgaça aýdylanda, üpjünçilik 458% ýa-da alty esse töweregi artdy.
iPhone 12 smartfonlarynyň kömegi bilen Apple 5G-li smartfonlaryny üpjün edijileriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň paýy 0% bolan bolsa, häzir ol 30.2%-e ýetdi. Apple imperiýasy esasy bäsdeşlerini gaty yzda galdyrdy.
Şeýlelikde, ikinji ýerde durýan Hytaýyň OPPO smartfony bazaryň 16,1% -ini tutýar. “Vivo” 14,5% paý bilen ilkinji üçlügi jemleýär. Günorta Koreýanyň ägirt uly “Samsung”-y 12,7 göterim bilen dördünji orunda barýar. "Xiaomi" bolsa ilkinji çärýegiň ahyrynda 12,4% paý bilen ilkinji bäşligi ýapýar.

düýn 23:22
296

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......