Hytaýda 110 suw perisi täze rekord goýdy

  • 06.05.2021 19:57
  • 47k+

Hytaýda “Suw perileriniň iň uly suwasty şüweleňi” nominasiýasynda Ginnesiň täze rekordy goýuldy diýip, news.mail.ru habar berýär.

Ýagny, Haýnan adasyndaky Atlantis Sanya şypahanasy 110 suw perisiniň gatnaşmagynda suwasty şüweleňini geçirdi. Mifiki jandarlaryň eşigini geýen daýwerler balykly ägirt akwariuma çümdüler. Suw perileri “toparlaýyn geçiş”, “biri-biriniň elini tutan jübütler”, “ýüz balygyň bilelikdäki ýüzüşi”, “fakel bilen ýokary galyş”, “360 gradus öwrüm”, şeýle-de “gapdal ýüzüş” ýaly onlarça kyn şekilleri ýerine ýetirdiler.
Şeýlelik bilen, şypahana özüniň üç ýyllygyny bellemek hem-de suw perileriniň dünýädäki iň uly suwasty şüweleňi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isledi. Bu çäräni daýwing boýunça Instruktorlaryň professional assosiasiýasy gurady.

şu gün 15:06
72

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....

şu gün 14:47
158

Lihtenşteýniň «Howsalaly gyzy» 30 ýyldan soň täzeden köpe çykarylýar

Geljek aý Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie's» auksionynda Roý Lihtenşteýniň meşhur «Howsalaly gyz» («Тревожная девушка») atly eseri satuwa çykarylar we onuň bahasynyň 60 million dollara çenli ýetmegine......

şu gün 11:25
1.2k+

Drezdeniň golaýynda 3300 ýyllyk bürünç hazyna tapyldy

Drezdeniň golaýyndaky Wilsdorf sebitinde taryhy 3300 ýyla barabar bolan bürünç şaý-sepler tapyldy. Bu gymmatly tapyndyny Ronald Meissner atly höwesjeň arheolog ýüze çykardy....

şu gün 11:19
454

Mettýu MakKonahi we Pedro Paskal Pak Çhan Ugyň western filminde surata düşerler

Meşhur günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk «Rettlkrikli garakçylar» («Разбойники из Рэттлкрика») atly täze western-triller filmini surata düşürer. «Variety» neşiri baş rollary Mettýu MakKonahiniň, Pedro......