Marvel täze filmlerini anons etdi

  • 06.05.2021 18:10
  • 10k+

“Marvel” internet ulgamynda 2021-nji ýylda täze çykarjak birnäçe filmi hakynda wideo ýerleşdirdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Ýakynda "Marvel"-iň indi çykjak filmlerinden pursatlary öz içine alýan üç minutlyk wideony paýlaşandygy belli boldy. Mysal üçin, wideoda «Ölmez-ýitmezler» ("Eternals") filminiň ilkinji kadrlary görkezildi. Mundan başga-da, indi muşdaklar bu wideonyň kömegi bilen «Gara pantera: baky Wakanda» ("Black Panther: Wakanda Forever") filminiň dowamynyň adynyň näme boljakdygyny öwrendiler. Mundan başga-da, şu aşakdaky premýeralaryň senesi anyklaşdyryldy:
«Gara dul» («Black Widow») - 2021-nji ýylyň 7-nji iýuly;
"Şang-Çi we on ýüzügiň rowaýaty" (Shang-Chi and the Legend of the Ten Rings) - 1-nji sentýabry;
“Ölmez-ýitmezler” ("Eternals") - 28-nji oktýabr;
"Möý adam: Öýe ýol ýok" ("Spider-Man: No Way Home") - 16-njy dekabry.

“Marvel” häzirki wagtda iň meşhur film studiýalarynyň biri bolup durýar. Onuň super gahrymanly filmleri komiksleriň we fantastikanyň muşdaklarynyň arasynda uly seslenme tapýar. Supergahrymanlar äleminde eýýäm köp filmiň çykandygyna garamazdan, studiýa bir ýerde durmak islemeýär. Şeýlelikde, ol özüniň dürli taslamalary yglan etmegini dowam etdirýär.

düýn 20:27
2.1k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.8k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.3k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....