Awazada dynç almaga gitmek üçin bilmeli zatlar

  • 04.05.2021 08:05
  • 49k+

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde birnäçe taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi.

  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary Awaza gidýänlere ýollanma hatlaryny berýär.
  • Raýatlar Awaza gitmezinden öň ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen saglyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama berler.
  • Dynç alşa gitmek üçin raýatlara sanjym ediler, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dowamynda СOVID-19-yň test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama berler.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän Dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanada bolýan adamlaryň sanawy we hasabaty degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna her gün iberiler.
  • Dynç alyş zolagynda hyzmat edýän desgalara kabul edilýän işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler, şol sanda olardan СOVID-19 barlagyndan geçendigi baradaky kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini tassyklaýan resmanamasy talap ediler. Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler we her çalşykda lukmançylyk barlagyndan geçiriler. Dynç zolagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokady dörediler.
  • Şol bir wagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar. Degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen demir ýol, howa we awtomobil menzillerinde bu ýere gelýän raýatlar garşy alnar hem-de olaryň dynç alyş döwri gutaransoň degişli ugurlar boýunç ugradylar.
  • Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler, Daşary işler, Energetika, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Balkan welaýat we Awaza etrap häkimlikleriniň zolagy dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirmeli wezipeleri we borçlary kesgitlenildi.

Bular barada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bu barada habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsumine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......