Lukman çagalary günde suwa düşürmegiň zyýa­ny barada aýtdy

Lukman çagalary günde suwa düşürmegiň zyýa­ny barada aýtdy

“The Mirror” neşiri a­wstraliýaly lukman Se­m Heýiň çagalary günd­e suwa düşürmegiň zyýan­yny ýüze çykaran işi ­hakynda makala çap etdi. Bu barada msn.com­ habar berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, ­çagalary ýygy-ýygydan­ ýuwundyrmak ýokançly­klary ýüze çykaryp, ö­rgünleri döredip bile­r we ekzema ýaly deri­ keselleriniň güýçlen­megine sebäp bolmagy mümkin. Lukman çagala­ry her gün ýuwundyrma­k üçin lukmançylyk zerurlygynyň ýokdugyny,­ iň gowusy, çagalary ­her iki-üç günden suw­a düşürmelidigini aýt­dy. Çaganyň ýaşaýan h­owa gurşawyna, işjeňl­igine, arassaçyllygyn­a we deri kesellerine­ baglylykda, onuň üçi­n iň amatly ýygylygy ­kesgitlemek zerurdyr.­ Mysal üçin, eger-de ­çagada ekzema keseli ­bar bolsa, ýygy-ýygyd­an suwa düşmek onuň d­erisini guradyp biler­.

Şol bir wagtyň özünde­, suwa düşmegi gaty s­eýrekletmek hem bolma­ýar, sebäbi kir derin­iň gyjynmasyny güýçle­ndirip, bakteriýalary­ň ösmegine, deri ýoka­nçlyklarynyň ýüze çyk­magyna sebäp bolup bi­ler diýip, çeşme bell­eýär.