Türkmenistanyň Prezidenti birinji synp okuwçylaryna gowşuryljak noutbuklaryň nusgalary bilen tanyşdy

  • 28.04.2021 19:16
  • 39k+

27-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda wise-premýer Ç.Gylyjow şanly senelere beslenip gelen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda guralýan dabaralaryň taýýarlyk işleri, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 2021-2022-nji okuw ýylynda birinji synpa kabul ediljek mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryljak noutbuklaryň nusgalaryny görkezdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde kiçi we orta telekeçiligiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu düzümleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, ähli ýerlerde elektron söwdany guramak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Soňra türkmen Lideri täze okuw ýylynda birinji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna beriljek noutbuklaryň nusgalary bilen içgin tanşyp, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Körpe nesilleriň sanly ulgama bolan höwesini artdyrmakda we bu ugurdaky ukyplaryny ösdürmekde wajyp ähmiýeti bolan noutbuklaryň kämil derejede bolmagy hökmandyr diýip, döwlet Baştutany bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeler berdi.

şu gün 00:17
521

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......