Serhet gullugynyň harby gullukçysy "Türkmen edermen" medaly bilen sylaglanyldy

Serhet gullugynyň harby gullukçysy "Türkmen edermen" medaly bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi - bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradow
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanyldy.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu medal "Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini goramakda, gulluk borçlaryny gyşarnyksyz hem-de birkemsiz berjaý etmekde, şeýle hem türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin" berildi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi – bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý edendigini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ony ilkinji nobatda dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak tabşyryldy.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Rejepmyrat Myradowyň ösdürip ýetişdiren Akhan atly alabaýy halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejesine eýe boldy.