26-njy aprelde Kazan - Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

  • 25.04.2021 22:50
  • 21k+

Türkmenistan” awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň internet saýty habar berýär.

Bu gatnawdaky orunlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsullygynyň sanawy boýunça amala aşyrylýar. Eger Baş konsullykdan şu gatnaw üçin bildiriş alan bolsaňyz, onda petek almak üçin avia@itmgroup.ru ýa-da +79119300080 telefony arkaly habarlaşmak zerurdyr.

Eger siziň ýatyrylan gatnaw üçin Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde satyn alan petegiňiz bar bolsa, şol petegi çalyşmak üçin hem avia@itmgroup.ru salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň çäklerinde satyn alnan petekleri Türkmenistanyň çäklerinde çalyşmak bolýandyr.

Belläp geçsek, bu Tatarystandan Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan şu aýdaky ikinji gatnawdyr. Mundan ozal hem 9-nji aprelde 275 türkmen raýaty ýurdumyza dolanyp gelipdi.

düýn 16:02
4.3k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

düýn 15:52
970

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

düýn 15:31
2.5k+

Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi....

düýn 12:49
3.3k+

Ýene bir netije: günde 2-3 bulgur kofe içmek depressiýa howpuny azaldýar

Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag kofe içmegiň psihiki saglyga gowy täsir edýändigini we depressiýanyň öňüni alyp biljekdigini tassyklady....