Ýelizaweta II 95 ýaşady: näme sebäpden britan monarhlary doglan gününi 2 gezek belleýärler?

Ýelizaweta II 95 ýaşady: näme sebäpden britan monarhlary doglan gününi 2 gezek belleýärler?

21-nji aprelde Beýik Britaniýanyň Şa aýaly Ýelizaweta II özüniň doglan senesiniň 95 ýyllygyny belledi. Windzor nesilşalygyndan bolan dünýäniň iň uly ýaşly monarhy öz kakasy Georg VI aradan çykandan soň, 1952-nji ýylda tagta geçdi. Ol Beýik Britaniýanyň taryhynda häkimiýetde iň köp wagtlap oturan monarhdyr. Şa aýalynyň 95-nji doglan güni hiç hili dabarasyz bellenildi diýip, «Reuters» agentligi habar berýär.

Ýogsa-da siz Beýik Britaniýanyň monarhlarynyň öz doglan günlerini ýylda iki gezek belleýändiklerini bilýärsiňizmi?! Aslynda, Şa aýaly Ýelizaweta II 1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde doglan, ýöne onuň doglan güni, däp boýunça, resmi ýagdaýda iýunyň ikinji şenbesinde — howanyň maýyl bolan wagtynda bellenilýär. Bu pikiriň gelip çykyşy noýabr aýynda doglan Şazada Georg II-niň ady bilen baglanyşyklydyr. 
1748-nji ýylda monarh öz doglan gününi bütin ýurt bolup güýz paslynda bellemegiň o diýen gowy pikir däldigine düşünýär. Çünki ýagyşly howada köpçülikleýin jemgyýetçilik çärelerini guramak ýeňil düşmändir. Şonuň üçin hem Georg II doglan gününi resmi taýdan tomusda, senenama laýyklykda bolsa öz maşgalasy bilen bellemek hakynda karara gelipdir. Beýik Britaniýada monarhyň doglan güni milli baýramçylyk hasaplanýar. Oňa diňe bir Londonyň ýaşaýjylary däl, eýsem, köp sanly syýahatçylar hem uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Beýik Britaniýanyň Şa aýalynyň bu ýylky doglan gününiň şanyna hiç hili çäre guralmady. Ýakynda Ýelizaweta II-niň ýanýoldaşy Şazada Filipiň aradan çykandygy sebäpli monarhlar maşgalasy iki hepdeläp ýas tutýar. Şu günler maşgala agzalary Ýelizaweta II-niň ýanyna gelip, onuň gynanjyny paýlaşýarlar.