«Oskaryň» gowşurylyş dabarasynda myhmanlara örtük​ ​dakynmazlyga rugsat berler

  • 24.04.2021 13:31
  • 10k+

25-26-njy aprel gijesi geçiriljek "Oskar" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara lukmançylyk örtüklerini geýmezlige rugsat berler. Bu barada Variety portaly habar berýär.

Dabaranyň guramaçylary tarapyndan şeýle karar kabul edilen-de bolsa, arakesmelerde myhmanlardan şahsy gorag esbaplaryny ulanmaklyk haýyş ediler.
Kino akademiýasy dabara gatnaşyjylaryň sanynyň azaldyljakdygyny belledi. Içerde diňe 170 adam ýerleşer. Mundan başga-da, dalaşgärleriň hemmesi aýratyn ugur boýunça hereket ederler we olara hatda sahna haýsy wagtda çykmalydygy hem görkeziler.
Şeýle hem myhmanlara nähili çäklendiriji çäreleriň garaşýandygyny beýan edýän habar ýaýradyldy. Olaryň hatarynda bedeniň temperaturasynyň barlanylmagyny, gyzyl halyda üçden köp suratçynyň bolmazlygyny hem-de žurnalistleriň sanynyň azaldylmagyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, myhmanlar koronawirusyň ýokdugyny görkezýän azyndan üç synagdan geçmeli bolarlar. Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Ýaponiýa, Kanada, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Braziliýa, Ispaniýa, Meksika we Awstraliýa wekilçilik eder.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......