Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi

  • 23.04.2021 12:11
  • 27k+

22-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçirildi. 

Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi. Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.
Soňra Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.

düýn 23:40
1.5k+

Gazagystanda Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky orden döredildi

​Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Hoja Ahmet Ýasawy» (Қожа Ахмет Ясауи) atly täze döwlet ordenini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu sylag türki dünýäsiniň beýik akyldary, sufizmiň türki......

düýn 16:01
11k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

düýn 15:50
5.2k+

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

düýn 15:38
2.6k+

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....