2021-nji ýyldaky "Kann" film festiwaly Leos Karaksyň filmi bilen açylar

  • 22.04.2021 14:11
  • 3.2k+

"Kann" film festiwaly şu ýyl Leos Karaksyň režissýorlygyndaky "Annett" filmi bilen açylar.  Festiwal 6-njy iýuldan 17-nji iýul aralygynda Fransiýada geçiriler. Filmde baş rollarda Adam Draýwer we Marion Kotiýýar çykyş edýär. Bu barada festiwalyň metbugat gullugy habar berdi.

"Annettiň" režissýoryň iňlis dilinde surata düşüren ilkinji filmidigini bellemek gerek. Onuň mundan öňki taslamasy 8 ýyl ozal çykypdy. Ol film “Sacred Motors Corporation” diýlip atlandyrylýardy we ol hem "Kann" festiwalynda görkezilipdi.
"Annett" filminde Los-Anjelesde ýaşaýan we işleýän meşhur komediýaçy Genri hakda gürrüň berilýär. Onuň aýaly Enn - aýdymçy. Olar - aňrybaş gowy jübütler. Şeýle-de bolsa, olaryň çagasy - gyzlary Annett doglansoň hemme zat üýtgeýär.
"Annett" režissýor Leos Karaksyň ideýasyna görä surata düşürilýän altynjy filmidir.

şu gün 10:48
0

Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy

Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi. 2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy...

düýn 18:06
8.1k+

Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar

Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar...

düýn 13:35
4.7k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär...

düýn 11:34
1.8k+

Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady

Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär...