Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna Türkiýäniň 43 sany ÝOM-y goşuldy

  • 21.04.2021 13:55
  • 47k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň 2021-nji ýyl üçin sanawyny düzdi. Bu sanawa Türkiýeden şu ýyl 43 ýokary okuw mekdebi girizildi. Sanawy «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň internet saýty getirýär.

  • Ýeditepe uniwersiteti
  • Ýyldyz tehnik uniwersiteti
  • TOBB Ykdysadyýet we  tehnologyýa uniwersiteti
  • Tokat Gaziosmanpasha uniwersiteti
  • Süleýman Demirel uniwersiteti
  • Recep Tayip Erdogan uniwersiteti
  • Sakarya uniwersiteti
  • Selçuk uniwersiteti
  • Ondokuz Mayis uniwersiteti
  • Marmara uniwersiteti
  • Izmir Tehnologiýa instituty
  • Istanbul Medipol uniwersiteti
  • Gazi uniwersiteti
  • Gaziantep uniwersiteti
  • Gebze Tehnik uniwersiteti
  • Çukurowa uniwersiteti
  • Dokuz Eylül uniwersiteti
  • Düzce uniwersiteti
  • Egey uniwersiteti
  • Erciyes uniwersiteti
  • Eskişehir Osmangazi uniwersiteti
  • Bahcesehir uniwersiteti
  • Başkent uniwersiteti
  • Bezmialem Vakif uniwersiteti
  • Bolu Abant Izzet Baysal uniwersiteti
  • Acibadem uniwersiteti
  • Akdeniz uniwersiteti
  • Aksaray uniwersiteti
  • Anadolu uniwersiteti
  • Ankara uniwersiteti
  • Ataturk uniwersiteti
  • Atılım uniwersiteti
  • Hacettepe uniwersiteti
  • Sabanci uniwersiteti
  • Bilkent uniwersiteti
  • Bogaziçi uniwersiteti
  • Özyegin uniwersiteti
  • Istanbul uniwersiteti
  • Istanbul Tehnık uniwersiteti
  • Karabuk uniwersiteti
  • Orta Dogu Tehnik uniwersiteti
  • Koç uniwersiteti
  • Çankaya uniwersiteti

«Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran Karary bilen tassyklanyldy. Şol Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we  2019-njy ýylyň 29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça diplomlar dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmaly. 

06.04.2026 23:51
3.9k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly......

04.04.2026 06:15
15k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

03.04.2026 09:46
10k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......

26.03.2026 13:54
942

Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär....