Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi

  • 21.04.2021 10:05
  • 18683
Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) futbol boýunça Çempionlar ligasyna giriziljek täze üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Futbol ýaryşynyň täze formaty 32-ä derek 36 topary öz içine alýar. Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylar hemişekisi ýaly toparlara bölünmez, oňa derek guramaçylar adaty bolmadyk senenamaly bir uly ligany dörederler.
Toparlaryň "hersi bir-biri bilen" formatda oýnamagyna garaşylýar. Pleý-off tapgyryna iň gowy sekiz topar çykar, galanlary bolsa bu hukugy saýlama oýunlary arkaly gazanmaly bolar. Saýlama oýunlaryndan geçip bilmedik meşhur toparlar täze orun alarlar. Bu formatda her klub has köp oýun oýnar, diýmek, has köp girdeji gazanar.
Bu üýtgetmeler Çempionlar ligasynda 2024-nji ýylda täze möwsüm başlamazdan öň amala aşyrylar.

düýn 11:46
12528

HBS: Rumyn klubunda futbolça derek onuň ekiztaýynyň oýnan bolmagy ahmal. Klub DNK synagyny geçirmegi talap edýär

Rumyniýanyň çempionatynda çykyş edýän Buharestiň “Dinamo ” futbol kluby fewral aýynda şertnama baglaşylan goragçy Edgar Iýe-niň ýerine toparda şu wagta çenli onuň ekiztaýy Edelinonyň oýnap gelen bolmagy mümkin...

düýn 06:56
8776

UEFA Ýewro – 2024-de kapitan hökmünde meýdança oýunçylaryny bellemegi maslahat berýär

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) eminlik meseleleri boýunça müdiri Roberto Rozetti milli ýygyndylara 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda topar kapitany hökmünde meýdança oýunçylaryny saýlamagy...

14.05.2024 13:03
8216

Aşgabatda Olimpiýa suw-sport toplumynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasynda döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna düýpli abatlamak...

14.05.2024 12:26
3387

Türkmen boksçylary Bongkokda olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler

Türkmenistanly türgenler Bongkokda (Tailand) boks boýunça 2-nji Bütindünýä saýlama ýaryşynda ilkinji olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar 23-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda geçiriler diýip, Orient agentligi...