UEFA Ýewro – 2024-de kapitan hökmünde meýdança oýunçylaryny bellemegi maslahat berýär

  • 15.05.2024 06:56
  • 12k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) eminlik meseleleri boýunça müdiri Roberto Rozetti milli ýygyndylara 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda topar kapitany hökmünde meýdança oýunçylaryny saýlamagy maslahat berdi. Bu barada RIA Nowosti belleýär.

Bu ýaryş 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler.
Rozetti UEFA-nyň saýtynda ýerleşdirilen hatda, Ýewro-2024 ýaryşynda eminler bilen toparlaryň arasyndaky gatnaşygy gowulandyrmak üçin toparyň kapitanynyň emin bilen gürleşjek ýeke-täk oýunçy bolmalydygyny belleýär.

“Diňe eminiň kararyny maslahatlaşmak isleýän topar kapitany onuň ýanyna barmalydyr. Kapitan topardaşlarynyň emini hormatlamagyna, araçägi saklamagyna we onuň daşyny gabamazlygyna jogap berýär. Kapitanyň roluny ret edýän we/ýa-da sylamazçylyk ýa-da närazylyk alamatlary bilen emine golaýlaşýan islendik topar agzasy sary duýduryş bilen jezalandyrylar. Eger kapitan derwezeban bolsa we waka meýdançanyň beýleki bir tarapynda bolup geçse, onda onuň roluny ýerine ýetirip biljek oýunçyny bellemek gerek” – diýip, ol belledi.

Şeýle-de, ol 22 adam daşyny gurşap alanda eminlere çözgüdi düşündirmegiň kyn bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýle wakalar aragatnaşyň bozulmagyna getirip biler. Rozetti eminlere kapitanlar bilen gürrüňdeşlikde aç-açan bolmagyň tabşyryljakdygyny hem aýtdy, bu, öz gezeginde, taraplaryň arasynda ynam atmosferasyny döreder.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......