Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi

  • 21.04.2021 10:05
  • 18k+

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) futbol boýunça Çempionlar ligasyna giriziljek täze üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Futbol ýaryşynyň täze formaty 32-ä derek 36 topary öz içine alýar. Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylar hemişekisi ýaly toparlara bölünmez, oňa derek guramaçylar adaty bolmadyk senenamaly bir uly ligany dörederler.
Toparlaryň "hersi bir-biri bilen" formatda oýnamagyna garaşylýar. Pleý-off tapgyryna iň gowy sekiz topar çykar, galanlary bolsa bu hukugy saýlama oýunlary arkaly gazanmaly bolar. Saýlama oýunlaryndan geçip bilmedik meşhur toparlar täze orun alarlar. Bu formatda her klub has köp oýun oýnar, diýmek, has köp girdeji gazanar.
Bu üýtgetmeler Çempionlar ligasynda 2024-nji ýylda täze möwsüm başlamazdan öň amala aşyrylar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......