HBS: Rumyn klubunda futbolça derek onuň ekiztaýynyň oýnan bolmagy ahmal. Klub DNK synagyny geçirmegi talap edýär

  • 15.05.2024 11:46
  • 18k+

Rumyniýanyň çempionatynda çykyş edýän Buharestiň “Dinamo ” futbol kluby fewral aýynda şertnama baglaşylan goragçy Edgar Iýe-niň ýerine toparda şu wagta çenli onuň ekiztaýy Edelinonyň oýnap gelen bolmagy mümkin diýip güman edýär. Bu barada Marca sport neşiri ýazýar.

Gwineýa-Bisau şäherinden 30 ýaşly futbolçy Edgar Iýe klubuň esasy toparynda diňe bir oýna çyksa-da, “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy hasaplanýar. Ol karýerasynda fransuz “Lillinde”, türk “Trabzonsporynda”, niderlandlaryň “Feýenoordynda” we beýleki klublarda oýnady, şeýle hem öz ýurdunyň milli ýygyndysynda iki gezek oýnady.
Ol “Dinamo” bilen şu ýylyň fewral aýynda şertnama baglaşdy. Onuň täze topardaky aýlygy aýda 18 müň ýewro, bu Rumyniýanyň çempionatynyň ölçegleri boýunça ep-esli pul hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, bu döwürde goragçy Buharestiň kluby üçin bary-ýogy bäş oýunda oýnady.
Rumyniýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, haçanda Edgar Iýe iňlis dilinde gürlemeli bolanda, klubuň ýolbaşçylary oňa betgüman bolup  başladylar. Şertnama gol çekmezden ozal klub oýunçynyň iňlisçe bilýändigine ynanýardy. Mundan başga-da, legioner soralanda kluba sürüjilik şahadatnamasyny görkezmekden ýüz öwürdi.
Onuň ornuna karýerasynda has az üstünlik gazanan, onuň köpüsini Portugaliýanyň we Polşanyň aşaky ligalarynda geçiren ekiztaýy Edelino oýnandyr diýlip çak edilýär.
Indi, çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, “Dinamo” Iýe bilen şertnamany ýatyrmagyň ýollaryny gözleýär we DNK synagynyň geçirilmegini talap edýär. Eger şübhelenmeler tassyk bolsa, klub daşary ýurtly oýunçynyň meýdança giren (topar olarda sekiz utuk toplady) ähli oýunlarynda tehniki ýeňlişe sezewar bolup biler. Soňky bäş oýunda ol sanawa goşulmandyr diýip bellenýär.
Klubdan, Edgar Iýeden (ýa-da onuň doganyndan) we Rumyniýanyň Futbol federasiýasyndan hiç hili resmi teswir gelip gowuşmady.


şu gün 07:30
1.5k+

«PSŽ» we «Aston Willa» 12-nji awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda bäsleşer

Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» we Ýewropa ligasynyň çempiony «Aston Willanyň» arasyndaky UEFA-nyň Superkubogy — 2026 ugrundaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun Awstriýanyň Zalsburg......

düýn 03:30
8.2k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.3k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

30.05.2026 11:32
7k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....