«Türkmenistan» awiakompaniýasy apreliň ahyryna çenli RF-den iki sany ýörite uçuşy amala aşyrar

  • 20.04.2021 19:08
  • 54k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary 22-nji we 29-njy aprelde Moskwadan Türkmenabada ýörite uçuşy amala aşyrar. Türkmenabadyň halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu ýörite uçuş arkaly Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky raýatlary getiriler.
COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýäde ýüze çykan çylşyrymly epidemiologik ýagdaý zerarly Türkmenistan 2020-nji ýylyň martynda beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlaryny togtatdy. Awgust aýynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Watanymyza getirmek boýunça ýörite uçuşlary amala aşyryp başlady.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......