Werstappen Italiýanyň Gran-Pri-sinde Lýuis Hemiltondan öňe geçip, birinji boldy

  • 20.04.2021 12:55
  • 4.4k+

“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” möwsüminiň ikinji ýaryşynda — Italiýada geçirilen Emilia Romanýa Gran Pri-sinde ýeňiji boldy.  Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Werstappen eýýäm ýaryşyň başynda «Mersedesiň» sürüjisi Lýuis Hemiltondan öňe saýlanmagy başardy. Ýagşyň ýagmagy we «Williams» toparynyň sürüjisi, şeýle hem «Mersedesiň» ýaşlar programmasynyň agzasy bolan Jorj Rassel bilen bagly ýüze çykan hadysa birinjilik ugrundaky göreşi has çylşyrymlaşdyrdy.  Şeýle-de bolsa, Werstappen hem-de ýaryşyň ýedi gezek çempiony Hemilton ugur tapmagy başardylar we ahyrynda pellehana degişlilikde birinji we ikinji bolup geldiler. Ýöne Hemilton iň gowy aýlaw boýunça sürüjileriň sanawynda Werstappenden bir utuk arany açyp, birinjiligi saklaýar.
Üçünji ýeri «MakLareniň» sürüjisi Lando Norris eýeledi. Munuň netijesinde, Norris karýerasynda ikinji gezek baýrakly orna mynasyp boldy.
Şeýle hem pellehana utuk berilýän zolakda şular geldiler: Şarl Lekler we Karlos Saýns (ikisi hem "Ferrariden"), Daniel Rikkardo ("MakLaren"), Lens Stroll ("Aston Martin"), Pýer Gasli ("AlfaTauri"), Kimi Raýkkonen ("Alfa Romeo") we Esteban Okon ("Alpine").
Indiki “Formula 1” ýaryşy ýene iki hepdeden Portugaliýadaky Portimao awtodromynda geçiriler.

şu gün 00:10
2.7k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
4.2k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

düýn 11:21
9.3k+

Kezzaplykda aýyplanýan Messiniň we AFA-nyň garşysyna kazyýet işi gozgaldy

«Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. VID promouterlik kompaniýasy bu mesele boýunça Günorta......

düýn 09:31
16k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....