Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar

  • 19.04.2021 23:12
  • 40k+

Dünýäniň köp ýurtlarynyň arasynda giň territoriýasynyň bardygyna garamazdan, ilaty az bolan döwlet hem bar. Bu Mongoliýadyr.

Bu ýurduň meýdany 1,5 mln inedördül km. Şeýle-de bolsa, 2020-nji ýyl boýunça ilat sany bary-ýogy 3,26 mln adam. Eger tutýan meýdany birnäçe esse kiçi bolan döwletler bilen deňeşdirsek, Mongoliýany gür ilatly diýip hasaplap bolmaz. Mysal üçin, meýdany 10,4 müň inedördül kilometr bolan Liwanda 4,1 mln adam ýaşaýar.
Mongoliýa ilatynyň azlygy boýunça köp ýurtlardan, meselem, Namibiýadan, Awstraliýadan, Kanadadan, Mawritaniýadan, Islandiýadan öňde durýar.
Ýurduň ilatynyň tas ýarysynyň paýtagtda ýaşaýandygyny bellemek gerek. Beýleki şäherlerde adam örän az, hatda azyndan 100 000 adam ýaşaýan şäher hem ýok. Ilat sanynyň şeýle az bolmagynyň sebäbi sebitiň köp böleginiň adamlaryň ýaşamagy üçin ýaramly bolmazlygynda. Çünki, Mongoliýanyň ep-esli bölegi beýikligi 900-den 1,5 müň metre çenli bolan tekiz belentlikde ýerleşýär.
Döwletiň günbatar tarapy, tersine, daglyk. Günorta böleginde bolsa Gobi çöli ýaýylyp ýatyr. Mongollaryň deňze göni elýeterliligi ýok, ýurt ondan uzakda ýerleşýär. Şonuň üçin bu ýerde ýiti kontinental howa bolýar. Onuň aýratynlygy – tomsuna bu ýerde has yssy bolýar, gyşyna howanyň temperaturasy -30 gradusa ýetýär.
Şonuň üçin ýanwar aýynda howanyň ortaça temperaturasy deňeşdirilende, Ulan-Bator dünýäniň iň sowuk paýtagty hasaplanýar.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....