Adidas kompaniýasy kömeleklerden taýýarlanan krossowkalary çykarar

  • 19.04.2021 22:54
  • 13k+

Meşhur Adidas brendi krossowka öndürmek üçin materiallar bilen tejribe geçirmegini dowam etdirýär. Daşky gurşawa zyýanly maddalardan ýüz öwürmegiň peýdasyna kompaniýa adaty bolmadyk materialdan taýýarlanan aýakgap bilen assortimentiniň üstüni ýetirmek isledi. 

Bolt Threads biotehnologiki kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen material Maýlo (Mylo) diýlip atlandyryldy. “ToDay News Ufa” neşiriniň habar bermegine görä, Stan Smith Mylo kömeleklerden taýýarlanan ilkinji krossowka bolar. Material deri ýaly görünýär we duýulýar, ol islendik reňke we forma eýe bolup bilýär. Ekologiýa taýdan arassa aýakgap 2021-nji ýylda satuwa çykarylar. Täze materialy döretmek üçin kömelekler Niderlandlaryň çäginde ösdürilip ýetişdiriler. Gyryndylar we organiki birleşmeler dökün hökmünde ulanylar. Ösdürme prosesinde emele gelýän köpükli material gizlin tehnologiýalaryň kömegi bilen ýygnalar we gaýtadan işlener.
Mundan başga-da, kompaniýa sintetiki matalardan tapawutlylykda, kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin nebit önümleriniň ulanylmaýandygyny aýtdy. Täze önümiň esasy artykmaçlygy galyndylary öndürmeýändigindedir.

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......