GDA-nyň intelligensiýa wekilleriniň 2021-nji ýyldaky duşuşygy Daşkentde geçiriler

  • 19.04.2021 12:36
  • 4.7k+

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy amatly epidemiologiýa ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, 2021-nji ýylyň noýabrynda Daşkentde geçiriler diýip, GDA-nyň resmi internet saýtynda habar berilýär. 

Bu baradaky teklip 16-njy aprelde onlaýn usulda geçirilen GDA-nyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň bilelikdäki mejlisinde aýdyldy. Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň, Garaşsyz döwletleriň kitap ýaýradyjylar assosiasiýasynyň hem-de Belarusuň «Zwýazda» neşirýat öýüniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Arkalaşygyň işiniň ynsanperwer ugry boýunça meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçirilipdi. 

düýn 20:09
3.1k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar...

düýn 20:07
4.1k+

Skarlett Ýohansson taryhda iň köp girdeji getirýän aktýor boldy. Onuň düşen filmleri $14,8 mlrd gazandy

Skarlett Ýohanssonyň gatnaşmagyndaky düşürilen filmler döredijilere taryhda islendik beýleki aktýor we aktrisa bilen deňeşdirilende, has köp girdeji getirdi diýip, The Wrap habar berýär. Ol “iň girdejili” statusyny “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň üstünligi netijesinde aldy...

düýn 17:40
1.9k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

düýn 17:28
1.5k+

Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi. Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar...