Apple howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 200 million dollarlyk gazna döretdi

  • 18.04.2021 13:57
  • 7.2k+

«Apple» penşenbe güni oba hojalyk taslamalaryna maýa goýmak üçin niýetlenilen 200 million dollarlyk gaznany döredendigini mälim etdi. Gaznanyň maksady  atmosferadan uglerody aýyrmaga kömek etmek we öz maýadarlary üçin maliýe girdejilerini gazanmak bolup durýar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Dikeldiş gaznasy uglerodyň ýok edilmegine we agaç önümçiligine gönükdirilen tokaýçylyga maýa goýar. Munda esasy maksat her ýyl 1 million metrik tonna kömürturşy gazyny atmosferadan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, "Engadget" neşiri ýazýar.
Geçen ýyl «Apple» howanyň üýtgemegine täsirini aradan aýyrjakdygyny we 2030-njy ýyla çenli ugleroddan azat bolmak isleýändigini aýdypdy. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli üpjünçilik zynjyryndan we önümlerinden çykýan zyňyndylaryň 75 göterimini gönüden-göni ýok etjekdigini we Dikeldiş gaznasynyň beýleki meselelerini çözmäge kömek etjekdigini aýdýar. «Apple» gaznany dolandyrmaly «Conservation International» guramasy we «Goldman Sachs» topary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

"Gaznany döretmek bilen, dünýäde uglerodyň aýrylmagyna maýa goýumlaryny höweslendirip, geljekde has giň özgerişlikleri amala aşyrmagy maksat edinýäris. Beýlekiler hem biziň maksatlarymyzy paýlaşarlar we möhüm ekosistemalary goldamak we goramak üçin öz goşantlaryny goşarlar diýip umyt edýäris" diýip, "Apple"-iň wekili Liza Jekson belleýär.

düýn 23:58
459

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
8.7k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
854

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.3k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....