Ýagşymyradow Anderson bilen tutluşygynyň öň ýanynda agramyny çekdirdi

  • 16.04.2021 17:51
  • 37k+

Garyşyk göreşiň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 257 ýaryşynyň çäklerinde amerikaly Kori Anderson bilen duşuşygynyň öň ýanynda agramyny çekdirdi.

MMA Junk­ie saýtynyň habar bermegine görä, türkmen pälwanynyň agramy 92,7 kg (2­04,5 funt)­, Andersonyň agramy — 92,8 kg (204­,75 funt) boldy.
ММА Bellator 2­57 ýaryşy 1­6-njy aprelden 17-sine geçilýän gije Ankaswillede geçiriler (ABŞ, Konnektikut ştaty).
Göreş agşamynyň esasy duşuşygy russiýaly Wadim Nemkow bilen amerikaly Fil Dewisiň arasynda geçiriler. Bu agşam şeýle hem Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar.
Duşuşygyň ýeňijisi ýarym finala çykar we Bellatoryň agyr agramda çempiony Raýan Beýder bilen duşuşar. Gran-Priniň baýrak gaznasy 1 million dollar.

şu gün 14:35
2.1k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.5k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
5k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......