Aşgabatdaky täze Maslahatlar merkezinde halkara maslahaty geçirildi

  • 16.04.2021 16:35
  • 9.9k+

15-nji aprelde Aşgabatda Çandybil şaýolunyň ugrunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyndan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda bitaraplyk syýasatynyň gurallarynyň peýdalanylmagynyň uly mümkinçiliklere eýedigine dünýäde barha oňyn baha berilýändiginiň möhümdigini belledi.
Türkmen Lideri çykyşynyň barşynda dawalaryň we meseleleriň öňüni almakda, olary aradan aýyrmakda öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm guraldygyna ünsi çekdi, şeýle hem energetiki, suw, azyk, maglumat we kiber howpsuzlygy üpjün etmegiň möhümligine ünsi çekdi. Şeýle hem koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde we onuň täsirlerini aradan aýyrmakda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Maslahatyň çäklerinde halkara resminamalaryna gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
3.2k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......