Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriň ýolbaşçylary saýlandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriň ýolbaşçylary saýlandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu komitetleri döredildi:

  • Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky;
  • Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky;
  • Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky;
  • Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky;
  • Halkara meseleler baradaky.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen,

Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Merdan Jomardowiç Halnazarow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Bahar Hojamuradowna Seýidowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.