“Godzilla Konga garşy” filmi pandemiýa döwründe prokat boýunça rekord goýdy

“Godzilla Konga garşy” filmi pandemiýa döwründe prokat boýunça rekord goýdy

Meşhur Warner Bros. kinostudiýasynyň “Godzilla Konga garşy” kinofilmi prokatyň ilkinji iki hepdesinde ABŞ-da 60 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu görkeziji koronawirus pandemiýasy döwründe bu ýurtda çykan kinokartinalar üçin rekord boldy diýip, sm.news habar berýär.

Mundan öňki rekord “Delil” (Довод) kinofilmine (Warner Bros.) degişli bolup, ol 58,5 mln dollar ýygnapdy. Kristofer Nolanyň kinokartinasy prokatda 2020-nji ýylda çykdy. Liderleriň üçlügini “Kruds maşgalasy: Täze mesgen” (Universal) multfilmi jemleýär – ol 56,5 mln dollar ýygnady. Bu multfilm hem 2020-nji ýylda çykdy.
“Godzilla Konga garşy” filminiň prokaty ABŞ-da 2021-nji ýylyň 31-nji martynda başlady. Ilkinji anna, şenbe we ýekşenbe günleri bu kinofilm koronawirus pandemiýasy başlany bäri 32,2 mln dollar ýygnap, girdeji ýygymy boýunça lider boldy. Onuň ýene bir üstünligi bir günüň dowamyndaky iň uly girdeji ýygymydyr (film 12,5 mln dollar ýygnady).
Kartina görkezilen kinoteatrlarynyň sany boýunça-da rekord goýdy, ýagny Demirgazyk Amerikada bu film 3000 kinoteatrda görkezildi. Bu pandemiýa döwründe iň ýokary görkezijidir.