Türkmen alabaý itleriniň halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmen alabaý itleriniň halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Şeýle hem resminama laýyklykda, bu halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi; türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrundaky bäsleşigi geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde 1-nji orny eýelän ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy berler.
Türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly baýraklary şu ugurlar boýunça berler:

  • türkmen alabaý itiniň şekili çitilen iň nepis haly;
  • türkmen alabaý itiniň iň gowy surat eseri;
  • türkmen alabaý itiniň iň gowy heýkeli;
  • türkmen alabaý itiniň daşky keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — senenama;
  • türkmen alabaý itiniň edermenligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşleri.

Şeýle hem türkmen alabaý itleriniň arasynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli türkmen alabaý itlerine berilýän baýraklar şol itleriň ýokary derejede ösdürip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlanylar.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde her ýylda: bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümini Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermek hem-de bäsleşikleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi degişlilikde: bäsleşikleriň geçirilişini milli teleradioýaýlymlaryň, şeýle hem beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden mahabatlandyrmaga; türkmen alabaý itini wasp edýän iň gowy makalalary, hekaýalary, goşgulary, poemalary, teleradiogepleşikleri, çeper hem-de sungat eserlerini, şeýle hem iň nepis halylary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlemäge borçly edildi.