“Tagtlaryň oýny” serialy on ýyllygyny bellär

  • 09.04.2021 21:10
  • 9.3k+

HBO teleýaýlymy “Tagtlaryň oýnunyň” birinji bölüminiň çykan gününiň on ýyllygy mynasybetli aprel aýynyň dowamynda “Demir ýyllygyň” (The Iron Anniversary) bellenjekdigini habar berdi. Bu wakanyň çäginde teleýaýlym serialyň marafonyny görkezer, şeýle-de täze harytlar satuwa çykar diýip, gazeta.ru belleýär.

Mundan başga-da, “Faberže” kompaniýasy 2021-nji ýylda dizaýny Deýeneris Targariýeniň taryhyndan ruhlanan, göwher we lagyl bilen bezelen, özboluşly gymmat bahaly ýumurtgany çykarar. Bu önüm 2,2 mln dollara durýar. Ýumurtganyň bezegi Faberge Ltd-niň meşhur dizaýneri Liýsa Tallgren we “Tagtlaryň oýnunyň” egin-eşik boýunça dizaýneri Mişel Klepton tarapyndan taýýarlandy. 
Şeýle-de, Funko Pop brendi gahrymanlar bilen heýkeljikleriň çäkli tapgyryny çykarar.
HBO Max striming hyzmaty “Tagtlaryň oýny”, serialyň döredilişi we “pashalkalar” (gizlin zatlar) barada maglumatlary saklaýan ýörite interaktiw sahypany görkezer. Abunaçylar 150-den gowrak wideolara, şol sanda serialyň surata düşürilişi baradaky roliklere elýeterlilik alarlar. 
Ýatlap geçsek, “Tagtlaryň oýnunyň” birinji bölümi HBO ýaýlymyna 2011-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykdy. 

şu gün 12:00
1.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
870

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......