Ýaponlar Toyota Yaris-i we Prius-y iň tygşytly awtoulag diýip atlandyrdylar

  • 08.04.2021 12:03
  • 11k+

Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi iň tygşytly awtoulaglaryň reýtingini çap etdi diýip, Drom saýty ýazýar. Oňa “Toyota”-nyň, “Nissan”-yň we “Honda”-nyň 100 kilometr üçin 3,5 litrden köp ýangyç talap etmeýän 10 modeli girýär.

Iň pes "işdäli" modelleriň reýtingi olary öndürijiniň maglumatlary bilen kesgitlenmeýär. Munuň üçin ministrligiň özi her ulagy synagdan geçirýär. Netijede, iň tygşytly awtoulag 100 kilometr üçin bary-ýogy 2,7 ​​litr ýangyç sarp edýän “Toyota Yaris” boldy.

Reýtingi siziň dykgatyňyza ýetirýäris:
"Toyota Yaris" - 2,7 l/100 km;
"Toyota Prius" - 3,1 l/100 km;
“Toyota isaris Cross” - 3,25 l/100 km;
"Toyota Corolla Sport" - 3,3 l/100 km;
"Toyota Aqua" - 3,35 l/100 km;
"Nissan Note" - 3,4 l/100 km;
“Honda Fit” - 3,4 l/100 km;
"Toyota Corolla" - 3,44 l/100 km;
"Toyota Corolla Touring" - 3,44 l/100 km;
“Honda Insight” - 3,5 l/100 km.

Ýer gelende bellesek, bu ministrlik sürüjileriň energiýa tygşytlamaga bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak we ýangyç tygşytlaýan awtoulaglary meşhur etmek maksady bilen, her ýyl awtoulaglaryň ýangyç tygşytlylygyna baha berýär.

düýn 15:27
6.4k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....

düýn 11:10
2.8k+

Ikölçegli illýuziýa: Renault el bilen çekilen ýaly görünýän awtoulagy çykardy

Renault kompaniýasy amerikan suratkeşi Joşua Waýdes bilen hyzmatdaşlykda Twingo E-Tech Electric elektrik ulagynyň üýtgeşik görnüşini görkezdi. Grafik eskiz stilinde dizaýn edilen awtoulag brendiň täze sungat......

düýn 07:14
1.8k+

Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......

16.04.2026 19:09
12k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....