Adamyň ýüzünden haýsy keselleri anyklap bolýar

  • 02.04.2021 12:13
  • 33k+

Adamyň ýüzüne ünsli seredip, anyklap bolýan keseller bar. Şeýle keseller barada terapewt, allergolog-immunolog Irina Ýarsewa gürrüň berdi diýip, «Nation News» agentligine salgylanyp, health.mail.ru habar berýär.

Hünärmen galkan şekilli mäz keselleriniň dürli usullar bilen ýüze çykyp biljekdigini aýtdy. Gözleriň ulalmagy (hanasyndan çykjak ýaly bolmagy) – bu galkan şekilli mäz keseliniň soňky tapgyrydyr. Keseliň başlangyç tapgyryny, mysal üçin, güýçli howsalanyň netijesinde adamyň maňlaýynda deriň peýda bolmagyndan bilmek bolýar.
Terapewt bagryň we öt haltasynyň näsaz işlemeginiň ýüzüň derisine sary reňk berýändigini düşündirýär. Sary anemiýa (ganazlyk) diýlip atlandyrylýan pes gemoglobin sebäpli hem ýüz «saralyp» bilýär. 
Ýürek näsazlygy burnuň reňki bilen görkezilýär. Burnuň ujunyň ýa-da burun-dodak üçburçlugynyň gök bolmagy bilen ýürek ýetmezçiligi barada aýtmak bolar. Ösüş gormony köp bolan akromegaliýa ýa-da gigantizm ýaly diagnozlar ýüzüň we bedeniň ululygyna laýyk gelmeýän gulak we eňek bilen häsiýetlendirilýär.

«Biz hassalary kabul edenimizde köp faktorlara üns berýäris. Mäz artykmaçlygynyň, holesteriniň alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýän gözlere hökman seredýäris, aşgazan-içege ulgamlarynda näsazlyklary görkezýän dili, elleriň dyrnaklaryny barlaýarys. Patognomonik alamatlar örän köp» – diýip, Ýarsewa sözüni jemleýär.

20.04.2026 16:07
9.2k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.2k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
3k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....