Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

  • 31.03.2021 11:49
  • 17k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny minnetdarlyk bilen kabul edip, ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny belledi.
— Saýlawçylaryň uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlamagy, şu gün bolsa halk häkimiýetliliginiň täze edarasynyň agzasynyň wagtlaýyn şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu ynam mundan beýläk-de eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekmäge borçly edýär, men bu şahsyýetnamany türkmenistanlylaryň bildiren uly ynamy hökmünde kabul edýärin — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

şu gün 16:01
1.7k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

şu gün 15:50
863

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

şu gün 15:38
493

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....

şu gün 15:16
543

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......