Türkmenistanyň Prezidenti çagalara howandarlyk gaznasyna ilki bolup serişde goýdy

  • 30.03.2021 10:34
  • 19k+

Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu Gazna Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdiriler. Şeýle hem degişli resminama bilen bu Gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy.

Bu Gazna ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredildi.
Düýn geçirilen Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi.
Eger-de, ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip bilerler. Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar diýip, döwlet Baştutany belledi. Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdirilip bilner diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine Rejep Bazarow bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden resminamasyna laýyklykda, 
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
935

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......