Ýewropa ýurtlarynyň ählisi diýen ýaly tomusky wagt hasabyna geçdiler

  • 29.03.2021 13:00
  • 6.5k+

Ýewropa ýurtlarynyň hemmesi diýen ýaly tomusky wagt hasabyna geçdiler, sagatlaryň dili bir sagat öňe süýşürildi diýip, sputnik.by habar berdi.

Bu ýyl tomusky wagt hasabyna geçiş 27-28-nji mart gijesinde bolup geçdi. Ýöne Ýewropa ýurtlarynyň tas hemmesiniň oňa geçendigine garamazdan, Belarus we Russiýa sagat dillerini öňküligine galdyrdylar.
Finlýandiýanyň ulag we aragatnaşyk ministrligi ýurduň 2019-njy ýylda tomusky wagt hasabyna geçmek tejribesini bes etmek başlangyjy bilen çykyş edendigini habar berdi, bu teklibe iki ýyl ozal Ýewropa Parlamenti ses beripdi. Bu mesele häzirki wagtda durmuşa geçirilýär we oňa ÝB-niň Geňeşi seretmeli. Geçen ýyl garaşylan hem bolsa, ol pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar sebäpli yza süýşürildi.
Sagatlaryň dilini bir sagat öňe süýşürmek häzir Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlarynda kabul edildi.
Tomusky wagt hasaby 1980-nji ýyllaryň başynda Ýewropa ýurtlarynda girizildi. 2011-nji ýylda bu tejribeden ilki Belarus, soňra bolsa Russiýa ýüz öwürdi.

düýn 14:07
2.9k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...

düýn 14:03
2k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer...

düýn 11:13
1.4k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...

düýn 00:55
914

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär...