Tesla Ilon Masky 2018-nji ýyldaky twitini pozmaga mejbur eder

  • 28.03.2021 22:43
  • 8.3k+

ABŞ-nyň Zähmet gatnaşyklary boýunça milli administrasiýasy "Tesla" kompaniýasynyň başlygy Ilon Masky kärdeşler arkalaşyklaryny tankytlaýan 2018-nji ýyldaky twitini aýyrmaga mejbur etmeli diýen karara geldi. Bu barada habr.com habar berdi.

«Twitterde» Ilon Maskdan işçiler birleşigi barada nähili pikirdedigi soralypdy.

«Teslanyň» işgärlerine kärdeşler arkalaşyklaryna girmäge hiç zat päsgel bermeýär, eger özleri isleýän bolsalar, olar ertiriň özünde hem girip bilerdiler, ýöne olarda kärdeşler arkalaşyklarynyň töleglerini tölemäge we aksiýa opsiýalaryndan ýüz öwürmäge hiç hili sebäp ýok diýip, telekeçi muňa jogap beripdi.

Tesla bu ýazgyny pozmak bilen bir hatarda, ýurtdaky zawodlarynda «bikanun twit» hakynda duýduryş ýerleşdirmeli bolar.
Ýatlap geçsek, ýakynda «Teslanyň» maýadarlarynyň biri Maskyň «gelşiksiz» twitleriniň «Teslany» milliardlarça dollar töwekgelçilige sezewar edýändigi sebäpli telekeçä we kompaniýanyň direktorlar geňeşine garşy kazyýet işini açypdy.

düýn 22:44
3k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....