Miwe suwy «Coca Cola-dan» has zyýanly bolup çykdy

  • 28.03.2021 22:11
  • 27k+

Ter sykylan miwe suwy «Coca Cola-dan» has zyýanly bolup çykdy. Berhiz lukmany Alekseý Kowalkow miwe suwuny yzygiderli içmegiň zyýanly netijeleri barada gürrüň berdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, täze sykylan miwe suwuny ýygy-ýygydan içmek aşgazanasty mäziniň işiniň bozulmagyna getirip biler. Munuň özi içginiň düzüminde «suwuk şekeriň» köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem lukman, şu nukdaýnazardan alanyňda, miwe suwlarynyň «Coca Cola-dan» has zyýanlydygyny aýtdy.
Kowalkow miwe suwuny yzygiderli içmegiň bäş-alty ýyldan soň adamda süýji keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy. Lukman bu içgini miwäniň bitin özi bilen çalyşmagy maslahat berdi. Miwäni ortaça mukdarda iýmek saglyga oňyn täsir eder diýip, Ferra lukmanyň maslahatyny getirýär.

düýn 18:05
1.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......